- eşret
- 1) Lezzet, rähnet, bagtlylyk.∙ Tüweleme, sen-ä ömrüňde görmedik eşrediňi gördüň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Gök çaý bilen palawyň eşredinden görsene! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)∙ Göwnüme bolmasa, şeýle eşret maňa heniz ömürmde duş gelmedik ýaly bolup göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga hyzmat edýän haýyrly zat, maddy bolluk.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem eşret - eşredi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.